Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýadaky çaknyşykda 20 adam heläk boldy


Nigeriýanyň merkezi Jos regionynda dini mesele boýunça dörän ganly çaknyşykda 20 adamyň heläk bolup, 50-siniň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýerli metbugatda berlen maglumatda çaknyşygyň musulman hem hristiýan ýaşlarynyň arasynda ýüze çykandygy aýdylýar.

Bu wakada bulagaýçy toparlaryň dükanlary weýran edip, ulaglary otlanlyklary aýdylýar.

Dürli etniki hem dini toparlaryň ýaşaýan bu regionynda öň hem birnäçe gezek şeýle çaknyşyklar ýüze çykypdy.
XS
SM
MD
LG