Sepleriň elýeterliligi

Kopengagende metjidiň golaýynda atyşyk boldy


30-njy awgustda Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäherinde ýerleşýän metjidiň golaýynda bolan ok atyşlykda bir adamyň öldürilip, ikisiniň ýaralanandygy habar berilýär.

Daniýanyň polisiýasynyň beren maglumatyna görä, bu waka Oraza baýramyna bagyşlanyp geçirilen namazdan soň ýüze çykypdyr.

Deslapky maglumata görä, onda asly pakistanly birnäçe adam özara dawalaşyp, ok atyşlyga baryp ýetipdirler.

Bu iş boýunça derňewiň geçirilýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG