Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: “Aýrin” tupany sebäpli 44 adam heläk boldy


Birleşen Ştatlaryň 10 ştatyna weýrançylyk getiren “Aýrin” tupanynyň netijesinde heläk bolan adamlaryň sany 44-e baryp ýetdi.

Häzir 5 milliona golaý adamyň öýlerinde elektrik togunuň ýokdugy habar berildi. Wermont, Nýu Hempşir ştatlarynda dowamly çabga ýagyşy sebäpli binalary suw basdy.

Bu tebigy harasadyň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak üçin birnäçe milliard dollaryň zerur boljakdygy, dikeldiş işleriň ençeme aý dowam etjekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG