Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky ok atyşlyklarda 7 adam öldürildi


30-njy awgustda Siriýada Oraza baýramynyň başlanandygyna garamazdan, hökümet goşunlary protestçilere garşy gazaply harby hereketlerini dowam etdirdiler.

Siriýanyň hukuk goraýjylarynyň beren maglumatlaryna görä, Deraa, Homs şaherlerinde hem-de Damaskyň eteginde bolan ok atyşlyklarda azyndan 7 adam heläk bolupdyr.

BMG-niň maglumatyna görä, soňky aýlarda Siriýada demonstrasiýa çykanlardan 2,200-den gowrak adam repressiýalaryň pidasy bolupdyr.
XS
SM
MD
LG