Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiçiler çagalardan diri galkan düzüpdir


Liwiýanyň Misurata şaherinde bolan ýaragly çaknyşyklarda Kaddafiniň tarapdarlarynyň adamzada garşy amala aşyran jenaýatlarynyň üsti açyldy diýlip, “Lukmanlar adam hukuklary üçin” atly guramanyň ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Bu hasabatda Kaddafiniň goşunlarynyň asuda ilaty öldürmegi, gynamalary hem zorlamalary barada gözli şaýatlaryň görkezmeleri subutnama hökmünde getirilýär.

NATO-nyň harby desgalara garşy amala aşyran howa hüjümleri mahaly Kaddafiniň goşunlarynyň ol ýerlere çagalardan diri galkan düzendikleri habar berilýär.

Misurata şäheri, dowamly söweşlerden soň, şu ýylyň maý aýynda gozgalaňçylaryň gözegçiligine geçipdi.
XS
SM
MD
LG