Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiçilerden ýaraglaryny taşlamak talap edildi


Liwiýaly gozgalaňçylar Muammar Kaddininiň tarapdarlaryndan hepdäniň şenbe gününe çenli ýaraglaryny taşlamagy talap etdiler. Gozgalaňçylar şeýle edilmedik halatynda hüjüme başlajakdyklaryny duýdurdylar.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň ýolbaşçysy Mustafa Abdel Jelil özleriniň Kaddafiniň goşunlarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirýändiklerini mälim etdi.

Gozgalaňçylaryň beren maglumatlaryna görä, Kaddafiniň Hamis atly ogly Tripoliniň golaýyndaky söweşlerde 27-nji awgustda öldürilipdir.

Kaddafiniň özüniň nirededigi henize çenli belli däl.

Gozgalaňçylar Kaddafini öldüren ýa-da ele salan adamyň günäsi geçilip, oňa 1 million 300 müň amerikan dollarynyň baýrak hökmünde beriljekdigini yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG