Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň Günbatar bilen arasyny sazlamak mümkinçiligi


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Garaşsyzlyk güni bilen bagly geçirilen paradda, Minsk, 2011-nji ýylyň 3-nji iýuly.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Garaşsyzlyk güni bilen bagly geçirilen paradda, Minsk, 2011-nji ýylyň 3-nji iýuly.

Garaşsyz ekspertler Belarusda oppozisiýadaky syýasatçylaryň we graždan aktiwistleriniň garşysyna jenaýat işleriniň togtadylmagyna soňky aýlarda Aleksandr Lukaşenkonyň režiminiň düşen ýeňil bolmadyk ykdysady we daşary syýasaty bilen baglanyşykly baha berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň synçysy Ýuriý Drakohrust emele gelen ýagdaýy şeýle düşündirýär:

—Örän belli adamlaryň garşysyna gozgalan işleriň togtadylandygy hakykat. Syýasy partiýanyň lideri Anatoliý Lebedko babatda-da şeýle. Iri oppozision habarlar serişdesiniň ýolbaşçysy Natalýa Radinanyň garşysyna gozgalan işem ýatyryldy. Prezidentlige dalaşgär Rygor Kostusewi-de şularyň hataryna goşup bolar. Men şularyň barysynyň nähilidir bir umumy zynjyra düzülýändigini aýdyp biljek. Belarusyň häkimiýetleri şu jenaýat işleriniň tapgyryndan aljak zatlaryny alandyklaryna düşünýärler. Olaryň şu zatlardan häzirki görýäni diňe zyýan. Sebäbi şeýle ýagdaý Günbatar bilen täze sowuk urşy emele getirdi. Günbatar indi sypaýyçylykly sözler aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, berk çäklendirmeleri ulanmagyň ýoluna düşdi. Soňky döwürde Birleşen Ştatlar ykdysady çäklendirmeleri güýçlendirdi, Ýewropa Bileleşigi-de şeýle çäklendirmeleri ilkinji sapar girizdi. Ýiti ykdysady gaýtgyn mahaly, munuň özi, ýakymly hadysa däl.

Aleksandr Lukaşenko “biziň türmelerimizi hapalamazlary ýaly” oppozisiýa wekillerini diňe ýurtdan kowup çykarmak gerek” diýip, birnäçe gezek beýanat bilen çykyş edipdi. Hatda bolşewikleriň döwründe Orsýetdäki edilişi ýaly etmek teklibem bolupdy (filosofiki gämi ýadyňyza düşýärmi?): “Men olaryň barysyny samolýota mündürip, siziň özüňize - Günbatara ibererin”. Ýylmanak sözlerden başga käbir anyk zatlaram edilýär. Mysal üçin, türmede oturanlardan 19 adamy günä geçiş bilen baglanyşykly azatlyga çykardylar. Olaryň hemmesiniň prezidentiň adyna toba hatyny ýazandyklary aýdylypdy. Kimiň nähili hat ýazanlygy welin nämälimligine galýar. Sebäbi olary gören ýok. Herhal, 19 adam azatlyga goýberildi.

—19-njy dekabrdaky wakalar bilen baglanyşykly jeza çäreleriniň möwsümi häzir Belarusda ahyryna geldi diýmäge esas barmy?

—Hawa, bir tarapdan, megerem, şeýle diýip aýtsa bolar. Sebäbi ýazgarasy gelenlerini ýazgardylaram, türmä-de basdylar. Şu iş boýunça geçenleriň hemmesinden günäleriň aýrylmagy mümkin. Ýöne şu derňew mahaly döredilen nähilidir bir duman henizem sowlanok, oppozisiýa basyşlar dowam edýär. Ýagny, “pişik kowdy - syçan gaçdy” ýaly oýun gidýär. Şol oýunda pişik özüni hyýrsyz alyp barýar. Ýaňy aýdyp geçişim ýaly, pişik syçany tutuşlygyna ýuwutmaga çalşanok: režim häzir türmede oturan adamlar bilen oňňut etmäge kaýyl.

—Munuň özi graždan aktiwistleriniň, Aleksandr Lukaşenkonyň syýasy garşydaşlarynyň yzarlanmaklarynyň bes edilendigini aňladanok ahyry. Iň soňky galmagally waka prezidentlige ozalky dalaşgärleriň ýazgarylmagy bilen baglanyşykly däl-de, eýsem adam hukuklaryny goraýan “Wesna” (“Bahar”) hereketiniň lideri Ales Belýaskiniň garşysyna gozgalan jenaýat işiniň başlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Beýlekilere edilýän rehimdarlyklar Ales Belýaskä ýetdirmez ahyry.

—Elbetde, bärde 19-njy dekabrda - prezident saýlawlary bilen baglanyşykly tussag etmeler başga zat. Ýöne köp sanly başgaça ýollaram bar. Ales Belýaskiý bilen bolan waka-da iň gopgunlylaryň biridir. Emma Belarusda anarhiýaçylaryň birnäçesi-de türme tussaglygyna höküm edildi. Olar, hususan-da, Orsýetiň ilçihanasynyň ýanyndaky partlaýyş üçin jogapkärçilige çekildiler. Nähili bolanlygynda-da olara şeýle günä ýöňkediler. Bu bilnikli, göz-görtele partlaýyşdy - ýöne adam pidalaryna getirmedik partlaýyşdy. Şonda-da sekiz ýyldan, alty ýyldan iş kesdiler.

—Şuňa meňzeş pyrryldaklaryň - Günbatary özüňe imrindirmäge çalyşjak bolmagyň, heý, haýry-peýdasy bolup bilermi? Bu zatlar öte ýöntem görünse-de, syýasatda kämahal peýda getirýär. Siz nähili pikir edýäňiz, Lukaşenko üçin demini dürsemäge maý bolarmy?

—Günbatar 2008-nji ýylda-da, 2009-njy ýylda-da, 2010-njy ýylda-da Belarus bilen gatnaşyklarda kadalaşdyryjy hem-de ony özüniň eýleki-beýleki proýektlerine çekmek syýasatyny alyp bardy. Maksat şundan ybaratdy: Günbataryň Gazagystan bilen, Azerbaýjan bilen gatnaşyklaryna meňzeş gatnaşyklary Belarus bilenem ýola goýmak. Şunda ýurtda syýasy tussaglaryň bolmazlygy esasy şert edilip goýulýardy. Üç ýylyň dowamynda şeýle tussaglar ýok diýerlikdi. Ýöne, ynha, syýasy tussaglar görnüp başladam welin, Günbataryň Belarus bilen gatnaşyklarynyň arasy üzüldi, gepleşikler kesildi. Eger-de Lukaşenko şu adamlary azatlyga goýberse we ýurtda ýene-de syýasy tussaglar galmasa, ana, şondan soň ýene-de ozalky heň başlanar: Biz Belarus aşa gysyş görkezsek, ýurt birden Orsýete tarap ýüzüni öwürmezmi… Şonuň üçinem eger-de ýurtda nähilidir bir kiçijik şertler saklanylsa, eger-de Aleksandr Grigorewiç ýönekeýje edepliligiň kadalaryny saklasa… Häzir şu zatlar bütinleý anyk meseläniň töwereginde aýlanýar: ine, Halkara pul gaznasynyň direktorlar geňeşi Belarus boýunça doklada garaýar. Şu maslahatda aslynda Minsk bilen täze kredit barada gürrüň etmek gerekmi diýen mesele boýunça belli-külli kararyň kabul edilmegi-de mümkin. Şol krediti Minskiniň näler alasy gelýär. Bärde köp bökdençlikler bar. Belarus reformalary geçirmäge onçakly alňasanok. Ýöne bu meseläniň bir tarapy. Ikinji tarapy - syýasy tussaglar meselesi. Minsk häzir: “Hawa, umuman, biz olary başadyp bilýäris” diýip, yşarat hem edýär. Şonuň üçinem men bu hereketiň haýsydyr bir görnüşde kabul ediläýmeginiň ähtimallygyny aradan aýryp bilmerin.

Andreý Şaryý Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG