Sepleriň elýeterliligi

Eýran Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi bilen habarlaşdy


Eýran ilkinji sapar Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi bilen habarlaşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, ýurduň daşary işler ministri Ali-Akbar Salehi geňeşiň başlygy Mustafa Abdul Jalil bilen telefon gepleşigini geçirip, Liwiýanyň halkyny ýeňiş bilen gutlapdyr.

Şeýle-de beýtanatda nygtalmagyna görä, Saleh Tähranda iki taraplaýyn özara gatnaşyklary maslahat etmegi teklip edipdir.

Geçen hepdede Liwiýanyň Eýrandaky ilçihanasy ýurduň baýdagyny düşürip, Kaddafä garşy herekete goşulypdy.
XS
SM
MD
LG