Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda ekstremizmde güman edilýän atylyp öldürildi


Gazagystanyň günbatarynda dini ekstremist bolmakda gümän edilýän bir adam atylyp öldürildi. Resmileriň berýän maglumatyan görä, ol adam terroristik hüjümleri amala aşyrmagy planlaşdyrypdyr.

Atyrau oblastynyň prokuraturasynyň resmilerinň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, duşenbe güni atylyp öldürilen adam dini ekstremist toparynyň agzasy bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň beren maglumatyna laýyklykda, polisiýa şäheriň töweregini gabandan soň ýaraglaryň we partlamalaryň sesi eşidilipdir.

Soňky aýlaryň dowamynda, Gazagystanyň günbatar Atyrau we Aktobe regionlarynda dini ekstremist bolmakda gümän edilýän adamlar bilen polisiýanyň arasynda ençeme çaknyşyk bolupdy.
XS
SM
MD
LG