Sepleriň elýeterliligi

Britan deputaty “Magnitskiý sanskiýasyna” çagyrýar


Britan parlamentiniň agzasy Denis MakŞeýn britan hökümetini Orsýetiň türmesinde ölen tanymal ýurist Sergeý Magnitskiniň ölüminde güman edilýän orsýetli resmileriň bir toparyna garşy wiza gadagançylygyny girizmäge çagyrdy.

“Birleşen Ştatlar Magnitskiniň ölümine dahylly bolmakda gümän edilýän 60 sany rus resmisini ýörite sanawa goşdy. Men Britaniýanyň premýer-ministrini, şeýle-de britan parlamentiniň agzalaryny hem şeýle herekete çagyrýaryn” diýip, MakŞeýn Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna aýtdy.

Sergeý Magnitskiý 2009-njy ýylda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy netijesinde Orsýetiň türmesinde aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG