Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistandaky hüjümde 8 adam heläk boldy


Çeçenistanyň paýtagty Groznyda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde sekiz adam, şol sanda ýedi polisiýa işgäri öldi.

Polisiýa çeşmesiniň “Interfaks” habarlar gullugyna aýtmagyna görä, polisiýa tussag etjek bolanda hüjümçi özüni partladypdyr.

Parlament binasynyň golaýynda amala aşyrylan bu partlamada başga-da 16 adam ýaralandy.

Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow çykyş edip, Oraza baýramynyň ilkinji gününde hüjüm eden jenaýatçyny “aňkasy aşan galtaman” diýip atlandyrdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG