Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň tarapdarlary boýun egmekçi däl


Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň metbugat wekili gozgalaňçylaryň eden soňky duýduryşyny ret edýändiklerini aýtdy.

Mundan öň liwiýaly gozgalaňçylar Muammar Kaddininiň tarapdarlaryndan hepdäniň şenbe gününe çenli ýaraglaryny taşlamagy talap edip, eger-de şeýle edilmese hüjüme başlajakdyklaryny duýdurypdylar.

Kaddafiniň metbugat wekili Moussa Ibrahim AP habar agentligine “hiç bir özüni sylaýan millet ýaragly toparlaryň duýduryşyny kabul etmez” diýdi.

Bu aralykda, duşenbe güni Kaddafiniň aýaly we üç çagasy goňşy Aljire geçdiler. Gozgalaňçylar Aljirden olaryň yzyna berilmegini sorady.
XS
SM
MD
LG