Sepleriň elýeterliligi

“Bütewi Orsýet” syýasy oýunda



Wideo: 29-njy awgustda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Harleý Deýwidson sürüp, motosiklçiler bilen Gara deňziň kenaryndaky port şäheri Noworossiýskde geçirilýän festiwala gatnaşdy.

Orsýetde hökümete ýolbaşçylyk edýän “Bütewi Orsýet” partiýasynyň dekabrda geçiriljek parlament saýlawlaryna kandidatlary saýlamak kampaniýasy mundan dört ýyl ozalky bilen deňeşdirilende birneme tapawutly geçirilýär.

2008-nji ýylyň oktýabrynda, Wladimir Putin özüniň prezidentlik möhleti gutarandan soň, ýurduň premýer-ministri bolmagy niýet edinýändigini yglan edeninde, partiýa ýörite bir maslahat geçiripdi. Şonda bir işçi we maýyplaryň arabasynda oturan ýene bir adam, şeýle-de bir alym, edil sowet döwründe bolşy ýaly, Putini arşa göteripdiler. Häzir partiýanyň başynda duran Putin şu ýyl kandidat bolmakdan ýüz öwürýär.

Geçen hepdäniň anna güni geçirilen metbugat konferensiýasynda “Bütewi Orsýet” partiýasy özüniň kandidatlary hökmünde jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekillerini, ýagny, bir fabrigiň işgärini, fermaçyny we mugallymy öňe çykardy. Bularyň arasynda awtomobil sürüjiler assosiýasiýasynyň başlygy Wýaçeslaw Lysakow diýen biri çykyş edip, diňe “Bütewi Orsýet” partiýasynyň halkyň içinden kandidatlary hödürleýändigini belläp geçdi: “Hiç bir partiýa şeýle açyk bäsleşigi gurnap bilmedi, aslynda olar muny islemezem. Sebäbi adamlaryň öňüne çykanyňda, olar seniň kimdigiňi görýärler”.

Beýleki dalaşgärler bolsa onçakly bir ynamly görünmeýärdi. Korrupsiýa we galplyk aýyplamlary ýurt boýunça ýaň berýär. Uzak Gündogarda ýerleşýän Wladiwostok şäherindäki ses sanaýjylar ýerli habar beriş serişdelerine ses beriş sandyklarynyn bikanun ýollar bilen býulletenlerden doldurylanlygyndan zeýrendiler. Olaryň aýtmagyna görä, şol berlen sesleriň aglaba bölegi “Bütewi Orsýet” partiýasynyň agzasy bolan gubernator Sergeý Darkiniň kandidatlarynyň haýryna gidipdir.

Moskwanyň gündogarynda ýerleşýän Kostroma regionynda “Bütewi Orsýet” partiýasynyň agzasy Wladimir Mihaýlow internetde Wladimir Putine wideo ýüzlenmesini ýerleşdirdi. Ol wideoýazgyda şeýle diýýär: “Ses berilmeli edilen kandidatlaryň taýýarlanan ýörite sanawy ses berijilere berildi. Partiýanyň gazetinde bolsa kandidatlardan birine interwýu üçin tutuş bir sahypa berildi. Men hakda ýazylan zatlaryň bolsa ählisi ýalan”.

Mihaýlowyň sözlerine görä, polisiýa onuň edarasynda rugsat berilmedik gözleg geçiripdir. Haçan-da, ol närazlygyny bildirende, partiýanyň ýolbaşçylary onuň ümsüm bolmagy üçin basyş edipdirler.

450 orunlyk Döwlet Dumasynyň 315 ornuny eýeleýän “Bütewi Orsýet” partiýasy özüniň deslapky ses berişlikleriniň açyk bäsleşikler esasynda geçiriljekdigini öňe süren-de bolsa, partiýanyň liderleri bu deslapky saýlawlar üçin kandidatlaryň sanawynyň entek kesgitlenilmelidigini aýdýarlar.

Şu aýyň başynda “Bütewi Orsýet” partiýasy saýlawlara käbir meşhur adamlaryň, şol sanda küşt boýunça ussat Anatoliý Karpowyň, kosmonawt Walentina Tereşkowanyň we tennis ýyldyzy Marat Safiniň-de gatnaşjakdygyny mälim edipdi. “Bütewi Orsýet” partiýasy parlament saýlawlaryna oz kandidatlarynyň gutarnykly sanawyny geljek aý geçirjek gurultaýynda yglan etjekdigini aýdýar.

Prezident Dmitriý Medwedew şu hepde Döwlet Dumasyna saýlawalary 4-nji dekabrda geçirmek baradaky karara gol goýdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG