Sepleriň elýeterliligi

MHM: howpsuzlyk we syýasat


Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew

30-njy awgustda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda ýurduň güýç edaralarynyň işine syn edildi. Milli howpsuzlyk ministrliginiň işine aýratyn ähmiýet berildi.

Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda çykyş eden Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew özüne tabşyrylan edaranyň döwlet binýadyny berkitmek, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek ugrunda mydama iş alyp barýanlygyny habar berdi.

Maslahatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk ministrliginiň häzirki döwürdäki roluny nygtap, şu ýyllaryň dowamynda ýurtda saklanýan “asudalyk ýagdaýynyň” ýurduň güllap ösüşine esas döredýändigini aýtdy.

Nähili özgeriş?

Şwesiýada ýaşaýan türkmen oppozisiýasynyň wekili Halmyrat Söýünow bolsa ýurtda yglan edilýän özgerişleriň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işine degişli däldigini belleýär we pozitiw ösüşiň ýa özgerişligiň, halkyň ýa döwletiň bähbidine bolup biljek özgerişligiň ýokdugyny öňe sürýär.

“Milli howpsuzlyk ministrligi milletiň ösüşine näme goşant goşdy ýa goşýar? Esasan ýurduň daşyndan gelip, duşmançylykly hereket edilmezligi üçin döredilen gulluk bu. Dünýädäki tendensiýa şeýle. Emma Türkmenistanda MHM döwletiň ýa halkyň milli howpsuzlygyny däl-de, häkimiýet başynda oturanlaryň şahsy howpsuzlygyny üpjün edýär” diýip, Söýünow aýdýar.

Milli howpsuzlyk edarasynyň sowet döwründe-de, garaşsyzlyk ýyllarynda-da başgaça pikirlenýänlere garşy gural hökmünde giňden ulanylmagy onuň işine il içinde ynamsyzlyk döretýär. Emma soňky ýyllarda MHM tarapyndan pikir azatlygyna garşy basyşlaryň gowşanlygy hem bellenýär.

“Milli howpsuzlyk komiteti, dogrudanam, adamlaryň arasyndaky gep-gürrüňlerem yzarlaýar. Bu ýurduň içinden hem başbozarlygyň çykmazlygy üçin edilýär, ýurduň daşyndan howplaryň gelmezligi üçin hem edilýär. Bu onuň borjy” diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

“Ýöne soňky döwürde her niçik hem bolsa Milli howpsuzlyk gullugynyň hereketleri birneme gowşaşýar. Hemme zat dünýä standartlaryna laýyk gelýär, demokratiýa gabat gelýär diýmek ýalan bolar, emma ýerzemine-podwala oklamak ýok adamlary” diýip, Bugaýew sözüniň üstüni ýetirýär.

“Gara sanawlary” kim düzýär?

Şol bir wagtda-da Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlygyny çäklendiriji düzgünler dowam edýär. Ýurda giriş-çykyşy çäklendirilen raýatlara degişli bolan we il içinde “gara sanawlar” diýlip atlandyrylan düzgün resmi derejede ret edilýär. Muňa garamazdan, ençeme raýatlara sebäbi düşündirilmezden ýurtdan çykmak resmi taýdan gadagan edilýär.

Aşgabadyň ýaşaýjysy Maýa Açylowa, 24-nji martda Döwlet migrasiýa gullugyna ýazan arzasyna gullugyň başlygynyň orunbasaryndan 30-njy iýulda şeýle jogap aldy.



Ýurtdan çykmagy gadagan edilen raýatlaryň biri, Aşgabadyň ýaşaýjysy Maýa Açylowa, 24-nji martda Döwlet migrasiýa gullugyna ýazan arzasyna gullugyň başlygynyň orunbasaryndan 30-njy iýulda şeýle jogap aldy: “Arzaňyzyň Gullugymyz tarapyndan doly öwrenilendigini we şol arzaňyzyň degişli edaralaryň garamagyna ugradylandygyny, şeýle hem degişli edaralaryň gelen netijesine görä, Siziň ýurduň çäginden çykmaklygyňyza girizilen çäklendirmäniň öňki güýjünde galdyrylandygyny habar berýäris”.

Türkmenistanda güýjünde galýan “gara sanawlary” düzmekde MHM-niň oýnaýan roluny Bugaýew şeýle häsiýetlendirýär: “Nyýazow döwründe başlanan “gara sanawlar” gitdigiçe artdy. Bu döwlet syýasatynyň we diktaturanyň döreden sanawlary. Milli howpsuzlyk ministrligi bolsa “gara sanawlara” esewan bolýar, şol sanawlardaky adamlaryň ýurduň daşyna gitmegini we içine barmagyny çäklendirýär”.

Dünýäniň ençeme ýurtlaryna garanda Türkmenistanda ekstremizm we terrorçylyk howpy o diýen göze ilenok. Türkmen hökümeti bolsa bu problemalara garşy göreşiň ähmiýetini nygtap gelýär. Emma bu ugurdan MHM-niň alyp barýan işi barada habar berilmeýär.

Käbir garaşsyz maglumatlarda garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda MHM-niň işgärleriniň sanynyň birnäçe esse köpeldilenligi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG