Sepleriň elýeterliligi

Grozyndaky partlamadan ölenler 9 adama ýetdi


Polisiýanyň beren habaryna görä, sişenbe güni giçlik Groznydaky hüjümi amala aşyranlykda öz janyndan geçen üç adama şübhe bildirilýär.

Orsýetiň içeri işler ministri Raşid Nurgaliýewiň sözlerine görä, şol hüjümde ölenleriň sany 9 adama ýetipdir. Polisiýa 22 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Sişenbe güni parlament binasynyň ýanynda bolan partlama soňky ýyllarda Groznyda bolan iň ganly hüjümleriň biri boldy. Ol Oraza baýramynyň bellenýän wagtyna gabat geldi.

Ölenleriň agalabasynyň polisiýa işgäridigi aýdylar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady. Emma Kremliň tarapdary bolan prezident Ramzan Kadyrow bu hüjümde Doku Umarowyň ýolbaşçylygyndaky yslamçy gozgalaňçylary aýyplady.
XS
SM
MD
LG