Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny belleýär


Çarşenbe güni Gyrgyzystan garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny baýram edýär. Munuň bilen bagly Bişkegiň merkezi meýdançasynda harby parad boldy. Ony ýurduň baş serkerdebaşysy, prezident Roza Otunbaýewa kabul etdi.

Paradyň öňüsyrasynda Bişkegiň merkezindäki meýdançada gyrgyz eposynyň baş gahrymany Manasyň ýadygärliginiň açylyşy boldy. Mundan öň ol ýerde “Azatlyk” heýkeli bardy.

Şonuň ýaly-da, çarşenbe güni Gyrgyzystanyň dürli şäherlerinde baýramçylyk konsertleri, milli oýunlar, sport çäreleri geçirildi.
XS
SM
MD
LG