Sepleriň elýeterliligi

Oraza baýramynda Tripolä müňlerçe adam ýygnandy


Çarşenbe güni irden Liwiýanyň paýtagty Tripolä Oraza baýramyny bellemek üçin müňlerçe adam ýygnandy. Olar baýram namazyny okadylar.

Tripoliniň ýaşajysy Huseýn Hureýşi: “Men Liwiýanyň halkyny gutlamak isleýärin. Tiran gitdi, onuň režimi syndy we hudaýa şükür, bu örän şatlykly oraza baýramy bolar” diýdi.

Liwiýaly gozgalaňçylar ýurduň köp bölegine gözegçilik edýändiklerini aýdýarlar. Olar Kaddafiniň Sirte şaherindäki we onuň töweregindäki tarapdarlaryndan şenbe gününe çenli ýaraglaryny taşlamagy talap etdiler. Ýogsam bolmasa, olaryň hüjüm bilen ýüzbe- ýüz boljakdyklaryny duýdurdylar.

Kaddafiniň nirededigi belli däl.

NATO-nyň metbugat wekili Roland Lawoýeniň aýtmagyna görä, häzir ýaranlyk Bani Walid we Sirte şäheriniň arasyndaky desgalara hüjüm edýär.
XS
SM
MD
LG