Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýada protestçilere garşy repressiýalar dowam edýär


Siriýaly aktiwistleriň berýän maglumatyna görä, hökümete garşy proteste çykanlary gözleýän howpsuzlyk güýçleri ýurduň merkezi regionynda reýd geçiripdirler we protestçileri tussag edipdirler.

Bu reýdler Oraza baýramynyň başlanmagy bilen müňlerçe protestçi metjitlere we gonamçylyklara ýygnananda, howpsuzlyk güýçleri azyndan 7 adam öldürenden soň geçirildi.

BMG-niň maglumatyna görä, Siriýanyň hökümeti prezident Başar al-Assadyň režimine garşy mart aýyndan bäri dowam edýän protestleri basyp ýatyranda 2,200-den gowrak adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG