Sepleriň elýeterliligi

Tussag edilen özbek aktiwisti azatlyga çykaryldy


SPID-e garşy göreşýän özbegistanly aktiwistiň tussaglykdan boşadylandygyny onuň aklawçysy sişenbe güni Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Maksim Popow hökümete degişli bolmadyk “Izis” guramasynyň başlygydy. Bu topar WIÇ-iň öňüni almak boýunça neşekeşler we spesialistler bilen işleşýärdi.

Popow WIÇ-iň we jynsy gatnaşyklar arkaly ýokuşýan keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak barada kitap ýazdy. Oňa BMG goldaw berdi.

Özbegistanyň sudunyň kararyna görä, “bu kitap bikanun”. Sebäbi döwlet komissiýasy şol kitap milli medeniýete we özbek halkyna “hormatsyzlyk” diýen netijä gelipdir.

Popow wagtyndan öň, iýun aýynda tussaglykdan boşadylsa-da, bu habar sişenbe güni gelip gowuşdy. Onuň azatlyga çykarylmagynyň sebäbi anyk däl.

Popowyň tussag edilmegini adam hukuklary boýunça halkara guramalar berk tankytlapdylar.
XS
SM
MD
LG