Sepleriň elýeterliligi

Hama şäheriniň baş sülçüsi wezipesinden çekildi


Siriýada Hama şäheriniň baş sülçüsi öz wezipesinden çekilýändigini mälim etdi. Onuň bu baradaky wideo beýanaty “Youtube” web saýtynda ýerleşdirildi.

Adnan Mohammad al-Bakkowur özüniň ogurlanandygy baradaky Siriýanyň berýän resmi maglumatyny hem inkär etdi. Bakkowuryň sözlerine görä, onuň wezipesinden çekilmeginiň sebäbi, 1-nji iýulda Hama şäherine garşy geçirlen harby hüjümiň öňüsyrasy, tussag edilen 72 sany protestçini howpsuzlyk güýçleriniň öldürmegi bolupdyr.

Siriýada pezident Başar al-Assadyň režimine garşy bäş aý töweregi bäri protestler geçirilýär.
XS
SM
MD
LG