Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň ogly gozgalaňçylary Sirtä hüjüm etmezlige çagyrýar


Kaddafiniň iki ogly biri-birinden tapawutly audio ýazgylary bilen çykyş etdiler.

Audio ýazgylaryň birinde Saif al-Islam gozgalaňçylary Sirte şäherine hüjüm etmezlige çagyrýar. Onuň sözlerine görä, ol ýerde “20,000 töweregi ýaragly adam bolup, olar gaýtawul bermäge taýýar”.

Kaddafiniň başga bir ogly Saad bolsa, gandöküşigi togtatmak üçin, Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi bilen habarlaşandygyny aýtdy.

Tripolidäki Kaddafä garşy güýçleriň başlygy Abdel Hakim Belhajyň “Reuters” habar agentligine aýtmagyna görä, eger-de Saadyň howpsuzlygy üpjün edilse, ol Milli geçiş geňeşine goşulmak isleýär.

Penşenbe güni Parižde Liwiýanyň geljegi boýunça halkara konferensiýa geçirilýär.
XS
SM
MD
LG