Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýadaky hüjüm boýunça iki adam tussag edildi


Nigeriýada BMG-niň binasyna edilen bomba hüjümini gurnamakda gümän edilip, iki adam tussag edildi.

Nigeriýanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň berýän maglumatyna görä, tussag edilenler radikal yslamçy “Boko-Haram” toparynyň agzalary.

26-njy awgustda Nigeriýanyň paýtagty Abujada ýerleşýän BMG-niň edarasynyň golaýynda içi partlaýjy serişdeli awtoulag partladylanda 23 adam ölüpdi. Hüjümiň jogapkärçiligini “Boko-Haram” öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG