Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada azyndan 10 adam öldi


Pakistanyň günorta-günbataryndaky Bulujystan welaýatynda janyndan geçen bir hüjümçi özüni ulagda partlatdy. Wakada azyndan 10 adam öldi, ençeme adam ýaralandy.

Partlama Kuetta şäherinde, adamlar metjitden çykyp barýan mahaly, awtoulag duralgasynda amala aşyrylypdyr.

30-njy awgustda bolan bu hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG