Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň türmelerinde 268 türkmen raýaty otyr


Türkiýäniň türmelerinde, dürli jenaýatlar üçin, 268 türkmen raýaty otyr. Bu barada ýarym resmi "Anadoly" habar gullugy Türkiýäniň Adalat ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Habara görä, Türkiýäniň türmelerinde dünýäniň 105 döwletinden, iki müňden gowrak daşary ýurt raýaty saklanýar.

Türmelerde oturan daşary ýurtly raýatlaryň sany boýunça birinji orunda Eýran (462), ikinji orunda Türkmenistan (268) we üçünji orunda Gürjüstan (132) durýar.

Mundan başga-da, türk türmelerinde Germaniýa, Orsýet, Özbegistan, Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň raýatlarynyň bardygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG