Sepleriň elýeterliligi

Karimow reformalary geçirmäge söz berdi


Penşenbe güni Özbegistan garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny baýram edýär.

Prezident Islam Karimow garaşsyzlyk güni mynasybetli çykyşynda syýasy we ykdysady reformalary geçirmäge söz berdi.

“Men öz ýurdumyň baý bolmagyny we gülläp ösmegini arzuw edýärin. Men bu maksada ýetmek üçin özümi gurban etmäge taýýar” diýip, Karimow aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalary özbek hökümetini ynsan hukuklaryny gödek bozýanlykda tankytlap gelýärler.
XS
SM
MD
LG