Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Parižde Liwiýanyň geljegi maslahat edilýär


Penşenbe güni Parižde dünýä liderleri we ýokary derejeli wekiller Liwiýanyň geljegi barada konferensiýa ýygnandylar.

60-a golaý ýurtdan we halkara guramalaryndan bolan delegasiýanyň hatarynda Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi we Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kamerun hem bar.

Penşenbe güni Ýewropa Bileleşigi Liwiýanyň deňiz portlaryna, banklaryna we kompaniýalaryna garşy girizen gadagançylyklaryny ýatyrdy.

Mundan öň Liwiýanyň Fransiýadaky 1,5 milliard ýewrosynyň Milli geçiş geňeşiniň ygtyýaryna berilýändigini Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Župe aýtdy.

Liwiýanyň häkimiýetden agdarylan lideri Muammar Kaddafiniň ogullarynyň biri Seýf al-Islam gozgalaňçylar bilen söweşmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Muammar Kaddafiniň nirededigi belli däl.

Orsýet Liwiýanyň Milli geçiş geňeşini resmi taýdan ykrar etdi.

Penşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň studentleriniň öňünde eden çykyşynda Muammar Kaddafiniňň häkimiýetden çetleşdirilmegine gowy baha berdi. Emma ol NATO-nyň Liwiýa eden hüjümlerini tankytlady.
XS
SM
MD
LG