Sepleriň elýeterliligi

Groznydaky hüjümlerde 9 adam heläk boldy


Çeçen häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, terrorçylykly hüjümler 9 adamyň ölümine we ýene 20-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Yzly-yzyna bolan bu hüjümler Orsýetiň iň dartgynly respublikalarynyň biri bolan Çeçenistanda soňky ýyllarda ýüze çykan iň gandöküşikli wakadyr.



Remezan aýynyň soňundaky Eýd al-Fitra baýramçylygynda Groznyda öz janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjümi netijesinde 9 adamyň heläk bolandygyny häkimiýetler habar berdiler.

Bu hüjüm soňky ýyllaryň dowamynda Çeçenistanyň paýtagtynda bolan iň gandöküşikli waka boldy. Heläk bolanlaryň arasynda 7 sany polisiýa işgäriniň we adatdan daşary gullugyň bir işgäriniň bardygy habar berilýär. Ýene 20-den gowrak adam ýaralandy, olaryň käbiri agyr ýagdaýda keselhanada saklanýar.

Orsýetiň “Interfaks” habar agentliginiň polisiýa salgylanyp ýaýradan maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçileriň birinjisi ony Çeçenistanyň parlament binasyndan 50 metr golaýlykda polisiýa saklamaga synanyşanda, bombasyny partladypdyr. Hüjümçileriň ýene ikisi öz bombalaryny ilkinji hüjüm bolan ýerinde jemlenen polisiýa işgärleriniň we şaýatlaryň ýanynda partladypdyrlar.

Kim jogapkär?

Çeçenistanyň Moskwa tarapyndan goldanylýan ýolbaşçysy Ramzan Kadyrow terrorçylary musulmanlar üçin mukaddes güni garalan “ýörite taýýarlykly we aňkasy aşan banditler” diýip atlandyrdy.

Groznydaky partlamalaryň jogapkarçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Emma Kadyrow bu partlamalary Orsýetdäki soňky hüjümlere jogapkär çeçen gozgalaňçysy Doku Umarowyň söweşijileri bilen baglanyşdyrdy.

“Bu teraktyň yzynda Doku Umarow durýar. Munuň yzyny gözläp tapmak biziň işimiz. Olar özleriniň ynsan däldigini, musulman däldigini we adamyň janynyň olar üçin hiç bir gymmatynyň ýoklugyny bize ýene bir gezek görkezdiler” diýip, Kadyrow aýtdy.

Özüni “Kawkaz emirliginiň emiri” diýip atlandyrýan we Orsýetde yzarlanýan Doku Umarow regionda Garaşsyz Yslam döwletini döretmek ugrunda göreş alyp barýar.

Umarow geçen ýanwar aýynda Moskwanyň aeroportunda bolan partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy. Şol partlamalarda 36 adam öldi, ýene 180 adam ýaralandy. Ol şeýle-de 2010-njy ýylyň mart aýynda Moskwanyň metrosynda bolan we 39 adamyň ölümine getiren terroçylykly hüjümlere hem özüniň jogapkärdigini aýdypdy.

Orsýetiň häkimiýetleri Umarowy 2009-njy ýylyň noýabr aýynda Moskwadan Sankt Peterburga barýan otluda bolan partlamalarda hem aýyplaýarlar. Şol wakada 26 adam heläk bolupdy.

Gozgalaňçylyk hereketi

Hepdäniň sişenbe güni Çeçenistanda bolan partlamalaryň yz ýany Kadyrow hökümetiň adatdan daşary maslahatyny geçirdi.

1991-nji ýyldan bäri Kreml Demirgazyk Kawkazdaky gozgalaňçylara garşy göreş alyp barýar. 1994-1996-njy ýyllar aralygynda Moskwa Çeçenistanda separatistik gozgalaňçylara garşy uruş alyp bardy. 1999-njy ýylda bolan ikinji Çeçen urşundan soň, gozgalaňçylar regionda yslam döwletini döretmek maksadyny öňe sürüp gelýärler.

Çeçenistandaki ikinji uruş 2000-nji ýylda tamamalanan hem bolsa, gozgalaňçylaryň göreşiniň bady gowşamaýar. Soňky on ýylyň dowamynda dartgynlylyk Demirgazyk Kawkazyň beýleki regionlaryna hem ýaýrady.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Çeçenistanyň parlamenti uly bolmadyk söweşijiler toparynyň hüjümine sezewar edildi. Söweşijiler öz janyna kast etmezden ýa atylyp öldürilmezlerinden öň, 3 adamy öldürdiler.

Awgust aýynda Ramzan Kadyrowyň dogduk obasyna hem hüjüm edildi
XS
SM
MD
LG