Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafi söweşi dowam etdirjekdigini aýdýar


Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafi özüniň duşmanlaryna garşy söweşi dowam etdirjekdigini aýdýar.

Penşenbe güni Kaddafiniň iki audioýazgysy düýbi Siriýada ýerleşýän arap telekanalynda berildi. Audioýazgylaryň birinde Kaddafi: “Siziň eşidýän ähli zatlaryňyz ýalan, bulara ynanmaň. Muňa garşy ýaraglar, ok-däriler bilen göreşiň. Goý, Liwiýa halkynyň ýerine ok-däriler gürlesin. Eger-de olar biziň bilen uzak möhletleýin urşa girmek isleýän bolsalar, goý, bu şeýle bolsun. Biz şäherlerde, depelerde, daglarda söweşeris. Goý, uzak uruş bolsun. Biz olara Liwiýany, Liwiýanyň halkyny dolandyryp bilmejekdiklerini subut ederis. Olar biziň ýaragly taýpalarymyzy hem ýaragly halkymyzy dolandyryp bilmezler” diýýär.

Kaddafiniň häzir nirededigi belli däl.

Bu aralykda, Parižde dünýä liderleri we ýokary derejeli wekiller Liwiýanyň geljegi barada gepleşik geçirdiler.

Maslahatyň dowamynda Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Liwiýanyň doňdurylan pullaryndan 15 milliard dollaryň Milli geçiş geňeşiň dikeldiş işlerine hemaýat üçin goýberiljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG