Sepleriň elýeterliligi

Klinton Siriýa garşy has köp sanksiýalary girizmäge çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady häkimiýetden çekilmäge mejbur etmek üçin, Siriýa garşy has köp sanksiýalary girizmäge Ýewropa ýurtlaryna we beýleki döwletlere çagyryş etdi.

Klinton Parižde çykyş edip, Siriýada gazaplylygyň bes edilmelidigini, şeýle-de Assadyň häkimiýetden çekilmelidigini aýtdy.

Gowuşýan maglumatlara görä, anna güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Polşada duşuşyp, Siriýa garşy girizilmegi mümkin täze ykdysady sanksiýalary maslahat ederler.

BMG-niň maglumatyna görä, Siriýada mart aýynyň ortalaryndan bäri dowam edýän protestleri howpsuzlyk güýçleri gazaply basyp ýatyranda 2,200 töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG