Sepleriň elýeterliligi

Bosgunlar Stambuldaky özbek konsullygynyň öňünde piket geçirdi


Onlarça özbek bosguny demokratik reformalary talap edip, Özbegistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde piket geçirdi.

Protestçi Aliboý Ýulýahşiýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu çäre oppozisiýadaky “Halk Hereketi” tarapyndan gurnalypdyr.

Penşenbe güni geçirilen ýörişiň dowamynda protestçiler özbek hökümetinden antidemokratik syýasaty bes etmek, metbugat azatlygyny ýola goýmak, ähli syýasy tussaglary azat etmek, bosgunlykdaky syýasatçylaryň we syýasy partiýalaryň ýurda dolanmagyna rugsat bermek, şeýle-de tiz wagtyň içinde prezident, parlament we ýerli saýlawlary geçirmek ýaly çäreleri talap etdiler.
XS
SM
MD
LG