Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz polisiýasyna sütemkärlik aýyplamalary ýöňkelýär


Gyrgyzystanda dört polisiýa işgärine Orsýetiň raýatynyň ölümi bilen baglylykda aýyplama bildirildi.

Etnik özbek Dadamirza Holmirzaýewiň polisiýa merkezinde sorag edilýän wagty rehimsiz ýenjilendigi gümän edilýär.

Dört polisiýa işgärine jebir bermek, wezipe ygtyýarlygynyň çäklerinden çykmak, sütem etmek ýaly aýyplamalar bildirildi.

Holmirzaýew 9-njy awgustda Jalalabadyň regional keselhanasynda ölüpdi. Mundan iki gün öň, ol geçen ýylyň iýunynda bolan etnik özbek we etnik gyrgyzlaryň arasyndaky çaknyşyklar boýunça, Bazar-Korgon etrap polisiýa merkezinde sorag edilipdi.

22-nji awgustda Içeri işler ministrligi Holmirzaýewiň ölümi sebäpli, Bazar-Korgonyň polisiýa başlygynyň wezipesinden boşadylandygyny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG