Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaýly sermaýaçy Islandiýadan “uly ýer bölegini” satyn almak isleýär


Hytaýly sermaýaçy Islandiýadan “uly ýer bölegini” satyn almak isleýär. Bu barada Islandiýanyň Içeri işler ministrligi maglumat berdi.

Habara görä, Huan Nubo ol ýerde turistik kurort merkezini döretmegi göz öňünde tutýar.

Islandiýanyň kanunyna görä, Ýewropanyň ykdysady regionyndan bolmadyk adamlara ýer satmak gadagan. Ýöne hytaýly Huan Nubo özüne kadadan çykma hökmünde rugsat berilmegini soraýar.

AFP habar agentliginiň maglumatyna görä, bu meselä Islandiýanyň Içeri işler ministrliginde garalýar.

Hytaýly sermaýaçynyň satyn almak isleýän ýeri adanyň demirgazyk-günortasynda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG