Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky hüjümde iki adam öldi, 14-si ýaralandy


Pakistanyň günbatar-demirgazygyndaky Lakki Marwat etrabynda janyndan geçen bir hüjümçiniň özüni ulagda partlatmagy netijesinde iki adam öldi, 14 adam ýaralandy.

Ýerli polisiýa resmisiniň berýän maglumatyna görä, partlama polisiýa merkeziniň golaýyndaky barlag-gözegçilik nokadynda amala aşyrylypdyr.

Partlama sebäpli töwerekdäki binalara hem zyýan ýetdi.

Soňky dört ýylyň dowamynda Pakistanda janyndan geçenleriň hüjümleri we bomba partlamalary sebäpli, 4,500 töweregi adam öldi. Hüjümleriň aglabasy “Talyban” ýa-da “Al-Kaýda” bilen ilteşikli toparlar tarapyndan amala aşyryldy.
XS
SM
MD
LG