Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe şäherinde dört ýurduň liderleri duşuşdy


Anna güni täjik paýtagty Duşenbede Owganystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Orsyetiň liderleriniň duşuşygy boldy.

Hamid Karzaý, Asif Ali Zardari, Emomoli Rahmon we Dmitriý Medwedew Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy, syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar.

Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahman şeýle diýdi: “Tutuşlygyna alnanda, biz bu duşuşygyň netijelerinden kanagatlanýarys. Mundan beýlägem dört döwletiň özara hymatdalyşygy we dialogy ösdürmek üçin agzalan giňişligi has netijeli peýdalanmagy ugrunda çykyş edýäris”.

Şenbe güni Duşenbede Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň sammiti açylýar. Oňa Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň barmaýandygy belli boldy. Onuň ýerine belarus delegasiýasyna premýer-ministr Mihail Mýasnikowiç baştutanlyk eder.
XS
SM
MD
LG