Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsyetiň adam hukuklary hereketiniň weterany ýogaldy


Penşenbe güni agşam Moskwanyň keselhanalarynyň birinde Orsýetiň adam hukuklary hereketiniň weteranlarynyň biri Ýuriý Şihanowiç 78 ýaşynda aradan çykdy.

Ýuriý Şihanowiç SSSR-de adam hukuklarynyň bozulyşy barada “Bolup geçýän wakalaryň hronikasy” atly žurnalyň soňky redaktory bolupdy. Ol 1983-nji ýylda tussag edilenden soň, žurnal çykmasyny bes edipdi.

Andreý Saharow öz ýatlamalarynda Ýuriý Şihanowiçe “Klassyk tipli arassa dissident” diýip, baha beripdi.
XS
SM
MD
LG