Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Demirgazyk Afrika, Ýakyn Gündogar maslahat edilýär


Polşanyň demirgazygyndaky Sopot şäherinde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň iki günlük maslahaty açyldy. Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň problemalary üns merkezinde durýar.

Ministrler Palestinanyň garaşsyzlygy meselesi boýunça ýewropa ýurtlarynyň pozisiýasyny maslahatlaşarlar. Palestin awtonomiýasynyň häkimiýetleri Ysraýyl bilen hiç hili deslapky ylalaşyga gelmezden, BMG-niň Baş assambleýasynyň sentýabr aýynda açyljak sessiýasynda garaşsyzlygynyň ykrar edilmegini gazanmakçy.

Sopotdäki duşuşyga gatnaşyjylar Liwiýanyň täze häkimiýetleri bilen özara gatnaşyklar, Siriýa garşy sanksiýalary ýerine ýetirmek ýaly meselelere-de serederler.
XS
SM
MD
LG