Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň 15 milliard dollarlyk hasaplary açylar


Dünýä jemgyýetçiligi Liwiýanyň daşary ýurtlarda doňdurylan hasaplaryndan 15 milliard dollarlygyny açar. Şol hasaplar Muammar Kaddafiniň režimine garşy sanksiýalar girizilenden soň doňdurylypdy.

Bu karara Liwiýa boýunça Parižde geçirilen halkara konferensiýada gelindi. Goýberiljek serişdeler ýarym ýyllyk ýaragly konflikden soň ýurdy dikeltmäge harç ediler.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň baştutany Mustafa Abdel Jalil şeýle diýdi: “Biz 1973-nji rezolýusiýa laýyklykda geçirilýän harby operasiýany dowam etdirmäge kepilnama aldyk, şeýle-de liwiýa hasaplarynyň açyljakdygyna ynandyrdylar”.

Nirededigi belli bolmaýan Kaddafi penşenbe güni öz tarapdarlaryny partizanlyk urşuna geçmäge çagyrdy. Kaddafiniň goşunlary birnäçe şäheri, şol sanda diktatoryň dogduk şäheri Sirtäni kontrollygynda saklaýar.

Ýurduň aglaba bölegini eýelän gozgalaňçylar kaddafiçilerden boýun egmegi talap etdiler, eger ol bolmasa ýerden we howadan zarbalar urjakdyklary barada soňky duýduryşy berdiler.
XS
SM
MD
LG