Sepleriň elýeterliligi

Ukraina Orsýete gaz boýunça gepleşik teklip edýär


Ukraina 2012-nji ýylda beriljek gazyň möçberi we tranzitiň şertleri boýunça gepleşikler geçirmegi Orsýete teklip edýär.

Degişli hatyň eýýäm Orsýetiň hökümetine ugradylandygyny anna güni Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow habar berdi.

Azarowyň sözlerine görä, Ukraina bilen Orsýetiň arasynda baglaşylan gaz şertnamasy ukrain kanunlaryna çapraz gelýär. Şonuň üçinem kontrakta hökmany suratda ýaňadan seredilmeli.

Hepdäniň çarşenbe güni Kiýew satyn alýan gazynyň möçberini azaltmak baradaky resmi hatyny “Gazproma” ýollady.

Ukraina berilýän gazyň problemalary şenbe güni Duşenbe şäherinde açylýan GDA-nyň sammitinde iki ýurduň prezidentleri tarapyndan maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG