Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe NATO-nyň raketadan goranyş sistemasyna gatnaşar


Türkiýe NATO-nyň raketadan goranyş sistemasyny döretmek işine gatnaşar diýip, anna güni Türkiýäniň Goranmak ministrligi habar berdi.

Bu edaranyň beýannamasynda radar enjamlaryny Türkiýäniň territoriýasynda ornaşdyrmak barada gürrüň gidýär.

NATO-nyň 28 ýurdy geçen ýyl Lissabonda bolan sammitde raketadan goranyş sistemasyny döretmek barada ylalaşyga gelipdi.

Eýýäm raketany tutup alýan we goranyşyň beýleki enjamlaryny Rumyniýada we Polşada ornaşdyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Moskwa Orsýetiň milli howpsuzlygyna wehim salýar diýmek bilen, NATO-nyň bu sistemasyna garşy çykyş edýär.
XS
SM
MD
LG