Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Ysraýylyň ilçisini ýurtdan çykarýar


Türkiýe Ysraýylyň ilçisini ýurtdan çykarýar we bu ýurt bilen harby gatnaşyklaryny kesýär.

Muňa “Mawy Marmara” gämisinde geçen ýyl bolan çaknyşykda türk graždanlarynyň ölümi üçin ysraýyl tarapynyň ötünç soramakdan ýüz öwürmegi sebäp boldy diýip, anna güni Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu aýtdy.

Dawutoglunyň sözlerine görä, “Ysraýylyň öz eden işi üçin töleg etmäge wagty geldi”.

Palestina tarapdar dokuz sany aktiwist, olaryň köpüsi türk raýaty, geçen ýylyň 31-nji maýynda Ysraýylyň ýörite bölüminiň gämä eden hüjüminde heläk bolupdy. Şol gämi Ysraýyl tarapyndan daşy berkidilen Gaza sektoryna barýardy.

Bu wakany derňän Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite komissiýasy Ysraýylyň gereginden artyk güýç ulanandygyny, ýöne Gaza sektorynyň deňiz gabawynyň kanunydygyny tassyklap, hasabat çykardy.

Emma anna güni Stambulda Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül žurnalistlere BMG-niň ýörite komissiýasynyň çykaran hasabatynyň özleri üçin “hiç zatdygyny” aýtdy.
XS
SM
MD
LG