Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ünsden düşýän “Ruhnamanyň” 10 ýyllygy bellener


2001-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Saparmyrat Nyýazowyň bu eserini diňe Mukaddes Ruhnama diýip atlandyrmak barada karar kabul edildi.
2001-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Saparmyrat Nyýazowyň bu eserini diňe Mukaddes Ruhnama diýip atlandyrmak barada karar kabul edildi.

2-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Ruhnama” kitabynyň döremeginiň 10 ýyllygy mynasybetli senäni ýurtda giňden bellemek barada wise-premýer Gurbanmyrat Mezilowa tabşyryk berdi.


“Ruhnama” kitabynyň 10 ýyllygy mynasybetli Bilim ministrliginiň guramagynda 10-njy sentýabrda Aşgabat şäherinde “Täze Galkynyş eýýamynda milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň sazlaşygy” atly halkara maslahaty geçiriler, 10-11-nji sentýabr aralygynda ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlar gurnalar. 12-nji sentýabrda bolsa Ruhnama güni mynasybetli, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň merkezi meýdançalarynda aýdym-sazly, teatrlaşdyrylan dabaralar geçiriler.

Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň, onuň şahsyýet kulty bilen bir hatarda “Ruhnama” kitabynyň „mertebesi“ hem pese gaçyryldy. Her ýylyň 12-nji sentýabrynda ýurtda Ruhnama gününiň bellenilýändigine, mekdeplerde okuwçylara “Ruhnama” sapaklarynyň henizem okadylýandygyna garamazdan, 5 ýylyň dowamynda bu kitap doly ünsden düşürildi.

Bilim müdirliklerinden orta mekdeplere gelýän barlagçylaryň görkezmesi bilen, Ruhnama otaglary, Ruhnama burçlary gadagan edildi. Hatda Ruhnama bilen bagly mekdep klaslarynda ýekeje-de stendiň hem bolmaly däldigini Bilim müdirliklerinden gelenler görkezme berýärler.

Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde “Ruhnama” sapaklary ýatyryldy. Şu ýylyň orta mekdeplerini gutaran okuwçylardan “Ruhnama” dersinden gutardyş ekzameni aýryldy. Häzirki wagtda “Ruhnama” kitaby çap edilmeýär. Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu kitap barada ýylyň dowamynda iki-üç gün, ol hem 10-12 sentýabr günleri agzalýar.

2001-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Saparmyrat Nyýazowyň bu eserini diňe Mukaddes Ruhnama diýip atlandyrmak barada karar kabul edildi. Özi hem “Ruhnama” sözüni goşa dyrnaga alman ýazmalydy. Emma “Türkmenistan” gazetiniň 1-nji sentýabrynda çap edilen medeni-çäreleriň sanawynda “Ruhnama” bilen bagly getirilýän sözleriň ählisi goşa dyrnagyň içinde, özi hem “Mukaddes” sözi aýrylyp getirilipdir.

“Ruhnamanyň” güni ýoýuldy

“Ruhnama” kitabynyň 2001-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda köpçülige niýetlenip çap edilmän, eýsem diňe ýazylyp tamamlanandygyny kitabyň 406-njy sahypasynda Saparmyrat Nyýazowyň goýan goly tassyk edýär. Emma ýerli media, şeýle hem Berdimuhamedow 12-nji sentýabr gününi “Ruhnama” kitabynyň çapdan çykmagyna on ýyl bolýar diýip tassyklaýar.
Saparmyrat Nyýazowyň özüniň mälim etmegine görä, ol özüniň “Ruhnama” kitabyny 2001-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda ýazyp tamamlapdyr. Şol sebäpden hem her ýylyň 12-nji sentýabryny Ruhnama güni diýip bellemek barada ol karar edipdi.

Nyýazowyň döwrüniň ideologiýasy 12-nji sentýabr gününi Mukaddes Ruhnamanyň dünýä inen güni, “diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin dünýäniň bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynasynyň dörän güni” diýip mahabatlandyrardy. Emma halkara jemgyýetçiligi bu kitaba awtoritar režimiň ideologiýa guraly hökmünde garapdy we häzirem şeýle garaýar.

“Ruhnama” kitaby okyjylar köpçüligine oktýabr aýynda gowşupdy. 12-nji sentýabrda ol, diňe Saparmyrat Nyýazowyň mälim etmegine görä, diňe ýazylyp tamamlanypdy. Ýöne şu ýylyň 2-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow 12-nji sentýabr gününi “Ruhnama” kitabynyň çapdan çykmagynyň 10 ýyllygy diýip agzady. “Türkmenistan” gazetiniň 1-nji sentýabrynda çap edilen medeni-çäreleriň sanawynda hem 12-nji sentýabr, Nyýazowyň döwrüniň ideologiýasynyň suratlandyryşy ýaly, Mukaddes Ruhnamanyň dünýä inen güni diýlip däl-de, “Ruhnama” kitabynyň çapdan çykmagynyň 10 ýyllygy diýlip agzalypdyr.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG