Sepleriň elýeterliligi

Geljekki diplomatlar täze okuw jaýyna göçdüler


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze toplumynyň açylyşy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze toplumynyň açylyşy boldy.

1-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze toplumynyň açylyşy boldy. Resmi metbugatyň ýazmagyna görä, onuň açylyş dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, ýurtda akkreditasiýa edilen daşary ýurt missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bahasy 80 million amerikan dollaryna barabar bu toplumy Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy gurdy.

Türkmen ilçileri hökümet maslahatynda, Aşgabat, 2010-njy ýylyň dekabr aýy.
Soňky ýyllarda türkmen ýolbaşçylary daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygyny yzygiderli nygtaýarlar. Şeýle-de türkmen diplomatlary halkara derejede geçirilýän maslahatlara gatnaşmagy ýygjamlaşdyrdylar. Türkmenistanyň goňşy ýurtlardaky käbir ilçileri-de žurnalistler üçin metbugat brifingini geçirip başladylar.

Emma, synçylaryň aýtmagyna görä, käbir oňyn ädimlere garamazdan, türkmen diplomatiýasynda işine ussat kadrlaryň ýetmezçiligi uly problema bolup durýar. Öňki türkmen diplomaty, häzir Germaniýada ýaşaýan Çary Işanýazow şeýle pikirler bilen ylalaşýar. Onuň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türkmen diplomatiýasynyň häzirki ýagdaýy gözgyny.

“Bu ýerde gürrüň diplomatlaryň gowy taýýarlanmaýandygy we olaryň professional derejesiniň örän pesdigi barada gidýär. Gynansak-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çözýän meselesi ýok. Çünki ol diňe bir şahs tarapyndan dolandyrylýan döwletde işleýär. Ýurtda işini gowy bilýän kadrlar öňem, häzirem ýetmezçilik edýär. Häzir Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde işleýänler professional taýdan taýýarlyksyz”.

Ýerli analitikleriň bellemegine görä, ýurtda işini gowy bilýän, tejribeli diplomatlar köp. Ýöne olar öz käri boýunça iş tapyp bilmeýändigi üçin söwda, gurluşyk we beýleki pudaklarda işleýärler. Hatda Moskwanyň dünýä belli MGIMO institutyny gutaran ýaşlary hem aňsat-aňsat Daşary işler ministrligine işe almaýarlar diýlip, habar berilýär.

Öňki diplomat Işanýazow Nyýazow we soňra Berdimuhamedow tarapyndan režimiň has-da berkidilmegi netijesinde tejribeli diplomatlaryň Daşary işler ministrliginden çykarylandyklaryny aýdýar: “Olar häzir başga ugurlarda işleýärler. Hut şu hem düşünmezlik döredýär. Sebäbi Berdimuhamedow professional kadrlaryň ýetmezçiligi barada köp aýdýar. Emma ýurduň içindäki professional diplomatlar diplomatik işden daşda galýarlar”.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze toplumynyň bir bölegi, Aşgabat.
Häzirki wagtda halkara metbugatynda we diplomatiýada internet aragatnaşygyndan giňden peýdalanylýar. Emma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýty we elektron adresi jemgyýetçilik üçin elýeterli däl. Türkmen DIM-niň resmi metbugat beýanatlary Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň websaýty arkaly ýaýradylýar. DIM-iň metbugat edarasy bolsa daşary ýurt žurnalistleriniň ýüz tutmalaryna köplenç jogap bermeýär.

Işanýazow türkmen DIM-niň işgärlerine zerur bolan daşary ýurt metbugatynyň, internetiň hem mydama elýeterli däldigine ynanýar: “Gynansak-da, türkmen diplomatlary zerur gazet-žurnallary mydama alyp bilmeýärler, olara internet mydama elýeterli däl ýa-da elýeterliligi çäkli. Hut şu zatlar türkmen diplomatlarynyň “birtarap” bolup galmagyna getirýär”.

Işanýazow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň “ýokardan berilýän oýlanyşyksyz görkezmelere” garaşman, erkin işlemelidigini nygtaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2008-nji ýylda döredildi. Onda halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, ykdysady gatnaşyklar we žurnalistika boýunça spesialistler taýýarlanýar. Ýurtda her ýylyň 18-nji fewraly diplomatlaryň güni.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG