Sepleriň elýeterliligi

Flotiliýa wakasy Ysraýyl bilen Türkiýäni tersleşdirdi


Gaza barýan flotiliýanyň başyny çekýän “Mawy Marmara” gämisine Ysraýylyň ýörite güýçleri reýd geçirenden soň, ol Aşod portuna tarap äkidilýär, 2010-njy ýylyň 31-nji maýy.

Gaza barýan flotiliýanyň başyny çekýän “Mawy Marmara” gämisine Ysraýylyň ýörite güýçleri reýd geçirenden soň, ol Aşod portuna tarap äkidilýär, 2010-njy ýylyň 31-nji maýy.

2-nji sentýabrda Türkiýäniň Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny üzül-kesil çäklendirýändigi belli boldy. Munuň sebäbi geçen ýylyň baharyndaky waka. Şonda türkiýeli palestinparaz aktiwistler Gaza sektoryndaky deňiz gabawyny böwüsmäge çytraşypdylar. Ýöne Ysraýylyň ýörite taýýarlykly goşuny bilen çaknyşygyň netijesinde türk raýatlary heläk bolupdy. Türk-ysraýyl gatnaşyklaryndaky bu dartgynlylyk BMG-niň nobatdaky sessiýasynyň öňüsyrasynda bolup geçdi. Sessiýada palestin döwletiniň garaşsyzlygy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşylar.


“Biz Ysraýyla puryja berdik. Ýöne Ysraýyl ähli mümkinçiligi boş aýlap, elden giderdi. Şeýlelikde, ahyrky netijä gelindi. Ysraýyl hökümeti özüni kanundan ýokary goýdy, gumanitar netijeleri göz öňünde tutman, bikanun hereket etdi. Indi şularyň “bahasyny tölemäge” wagt ýetdi. Ysraýylyň töleg bahasy — Türkiýe bilen dostlugyny ýitirmek bolar. Türk-ysraýyl diplomatik gatnaşyklary ilçihanalaryň ikinji sekretarlarynyň derejesine çenli peseldiler. Beýleki ýokary derejeli işgärleriň hemmesi çarşenbä galman, öz ýurtlaryna gaýdyp bararlar. Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky harby ylalaşyklaryň barysy togtadylýar”

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglunyň Ankaradaky metbugat konferensiýasynda aýdan bu sözleri “The New York Times” gazetinde BMG-niň komissiýasynyň netijeleriniň beýany mälim edilenden birnäçe sagat geçenden soň ýaňlandy. Komissiýada geçen ýylyň baharynda Gaza sektorynda Ysraýylyň deňiz gabawyny böwüsmäge çalşan palestinparaz aktiwistleriň flotiliýasynyň töweregindäki wakalar seljerilipdi. Şonda Ysraýylyň ýörite taýýarlykly goşunynyň çozuşy mahaly 9 adam öldürilipdi, heläk bolanlar, esasan, Türkiýäniň raýatlarydy. Gazet makalasynda gabawy böwüsmäge çalyşmagyň “howul-hara, oýlanyşylmadyk hereket bolandygyny” komissiýanyň aýdandygy bellenilýär. Şonuň ýaly-da, komissiýa flotiliýanyň ýolagçylarynyň aglabasynyň parahatçylykly adamlardygyny ýüze çykarypdyr. Diňe çaklaňja topar garşylyk görkezmäge guramaçylyk bilen häzir bolup durupdyr. Olar demir bölekleri, taýaklar, zynjyrlar, käbir maglumatlara görä-de, pyçaklar bilen ýaraglanypdyr. Şu adamlar tarapyndan üç sany Ysraýyl esgeri ele salnypdyr we olaryň jany howp astynda galypdyr diýibem tassyklaýarlar.

Emma BMG-niň komissiýasynyň dokladynda ysraýyl harbylarynyň hereketi hetdenaşa diýlip bellenilýär. Dokuz adamyň heläk bolmagyna Ysraýyl tarapynyň kanagatlanarlykly düşündiriş berip bilmändigi-de görkezilýär. Aýtmaklaryna görä, heläk bolanlar atylypdyr, özem arka tarapyndan, golaý aralykdan atylypdyr. (Ysraýylyň resmi wekili “Esgerlere hüjüm etmekçi bolan adamlara beýleki tarapda duran harby gullukçylar ot açypdyr” diýip mälim edipdir). Gazet habarynda aýdylyşy ýaly, BMG-niň komissiýasy Gazanyň gabalmagyny kanuny howpsuzlyk çäresi diýip hasaplapdyr, şonuň ýaly-da Gaza sektorynda toparlanyşyklardan Ysraýyl üçin takyk howpuň bolandygyny ykrar etdi. Dokladda şeýle hem Türkiýe bilen Ysraýylyň diplomatik gatnaşyklary doly dikeltmäge çagyryş edilýär. Gazetdäki bu dokument munuň BMG-de yglan edilmezinden birnäçe sagat öň çap edilipdi.

Ysraýylyň bu hüjüminden soň Türkiýe diplomatik gatnaşyklary çäklendirdi we ötünç soralmagyny talap etdi. Ýöne Ysraýyl bu talaby ýerine ýetirmekden boýun towlady. 2-nji sentýabrda Türkiýe has berk diplomatik çäreleri gördi. Ysraýylyň adyny aýtmak islemedik ýokary derejeli wekili “Associated Press” agentligine “Türkiýe musulman dünýäsinde öz pozisiýalaryny berkitmek maksady bilen Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrýar” diýip, beýanat etdi. Munuň özi golaý döwürde Ýakyn Gündogar regionynda ýakyn hyzmatdaş bolan Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň doly kesilenini aňladýarmy? Bu sowala Gündogary öwreniş institutynyň halkara sektorynyň müdiri Irina Zwýagelskaýa şeýle jogap berýär:

— Men Türkiýe özüniň Ysraýyla bolan gatnaşyklaryndaky pozisiýany doly üýtgeder we islendik gatnaşyklary togtadar diýip pikir etmeýärin. Sebäbi Ysraýyl bilen Türkiýede howpsuzlyk sferasynda özara bähbitleri bar, örän uzak wagtlyk we öndümli hyzmatdaşlygyň taryhy bar. Ahyrky netijede NATO-nyň günorta tarapy bolan Türkiýe şeýle garanyňda Ysraýyl bilen gatnaşyklarda onçakly erkinem däl. Şonuň bilen birlikde “Adalat we Galkynyş” partiýasy hökümet başyna geleninden soň, Türkiýäniň Ysraýyla bolan garaýşynda-da, regiondaky wakalara garaýşynda-da örän çynlakaý üýtgeşmeler görnüp başlandy. Ýöne Türkiýe şu regiona integrirlenmek üçin tagalla baryny edýär. Türkiýe regionda has görnetin lider bolmaga bäsdeşleriň biridir. Şu babatda ol Yslam dünýäsinde Eýran bilen dalaş edýär. Şeýle ymtylyş, meniň garaýşymça, uzak wagta çeker. Munda Türkiýäniň Ysraýyla bolan garaýşyndaky anyk ädimlerem köp zatlary kesgitlär.

Strategiki seljermeler boýunça Ýewropa merkeziniň professory Aleksandr Garin bolsa şeýle gürrüň berýär:

— Türkiýe üçin Ýewropa Bileleşigine kabul edilmek gös-göni ýakyn geljek bolup durmaýar. Şonuň üçin Türkiýäniň daşary işler ministri öz wagtynda “multiwektor” syýasatyny teklip edipdi. Ony şeýleräk kesgitlemek mümkin: eger Ýewropa bizi özüne almasa, onda biz şeýle ýagdaýda, umuman, şeýle ideýadan ýüz öwürmezden, özümiziň geçmişimizi ýatlarys. Biz ýene-de şu regionda lider bolarys, biz has-da aktiwleşeris. Haçan-da bir wagt Türkiýäniň ygtybarly strategiki hyzmatdaşy—Ysraýyl bolupdy. Hyzmatdaşlygyň formulasy şeýledi: meniň duşmanymyň duşmany — meniň dostum. Munuň özi, köplenç halatda, ýolam alypdy. Çünki Türkiýäniň arap dünýäsi bilen öz problemalary bolupdy we häzirem şol problemalar bar. Şonda Türkiýe bu flotiliýany öz goragyna almaga töwekgellik etmekden çekinmändi. Häzir, elbetde, bu zatlaryň “bahasyny tölemeli”, sebäbi BMG-niň Ysraýylyň haýryna çykaran ýumşak ugrunyň hasabatynyň daşaryk ýaýramagy Türkiýäniň resmi ugry bilen çapraz gelýär.

Ýakyn wagtlarda BMG-niň Baş Assambleýasy palestin döwletini ykrar etmek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaga girişer. Muny Ysraýylyň töweregindäki soňky wakalar bilen baglanyşdyryp bolarmy: ysraýyl-türk gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagy, Ysraýylyň günortasyndaky terror wakalary, Gaza sektorynda Ysraýyl harbylary bilen palestin toparlanyşyklarynyň arasyndaky ýaragly gapma-garşylyklaryň ýüze çykmasy, hatda palestinparaz aktiwistleriň Londonda Ysraýylyň filarmoniýa orkestriniň konsertini başa bardyrmazlyga çalyşmagy.

— Meniň pikirimçe, şu zatlaryň barysy biri-biri bilen baglanyşykly. BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çekişmeleriň öňüsyrasynda Ysraýylyň öz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeýän ýurt hökmünde görkezilmegi üçin hemme zat ediljegine doly ynanýaryn. Halkara arenasynda Ysraýylyň töwereginde nähilidir bir daşlaşdyrma halkasy dörediler — diýip, Irina Zwýagelskaýa aýdýar.

Mundan ozal Birleşen Ştatlar palestinalylar öz döwletlerini döretjek bolsalar, muny diňe ysraýyllylar bilen gös-göni gepleşikleri dikeltmek arkaly gazanyp bilerler diýip beýanat edipdi, şonuň ýaly-da, eger Baş Assambleýa palestin döwletini ykrar etmeli diýip ses berse, onda ABŞ bu karara BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde weto goýjakdygyny mälim edipdi.

Kirill Kobrin Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG