Sepleriň elýeterliligi

Döredijilik synagy ýa-da “Ruhnamanyň” ornuna “Türkmennamamy"? (Belki-de "Adamnama"...)


Ýazgulyýew: "Ýöne häzire çenli gynansagam, "beýik döredijiniň" eseridigine seretmezden, kämil bolmadyk döredijiligi halkyň kalbynda ýaşatmagyň syryny hiç kim açyp bilenok".

Ýazgulyýew: "Ýöne häzire çenli gynansagam, "beýik döredijiniň" eseridigine seretmezden, kämil bolmadyk döredijiligi halkyň kalbynda ýaşatmagyň syryny hiç kim açyp bilenok".

Islendik diktaturanyň höküm sürýän ýerinde prezidentiň döwlet dolandyryşynyň funksiýasyna girmeýän döredijilik, pelsepe bilen meşgullanmagy adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Ýöne döredijiligiň, pelsepäniň kim tarapyndan ýazylandygyna garamazdan, halk hakydasynda orun tutmadyk, wagtyň synagyna döz gelmedik eserler, pelsepeler döwründe mahabatlandyrylýandygyna seretmezden, öz-özünden ýitip gidýär.

Asla döredijilikden daş döwlet ýolbaşçylarynyň wezipe eýelänlerinden soň, wagtlarynyň uly bölegini sarp edip, döwlet işlerini goýup, halkyň kalbynda ýaşamajagy görnüp duran, döwrüň synagyna döz gelip bilmejek "eserleri", "pelsepeleri", "ylmy işleri" ýazmagyna näme sebäp bolýarka?! Meniň pikirimçe, bu sowal aýratyn ylmy derňewe mätäç, ýöne wagt geler, bu syrly "döredijiligiň" üsti açylar. Sebäbi wagt diýen ýowuz synag "Ýerde ýylan gäwüşese-de bilinýär" diýlen hakykaty aňryýany bilen subut etdi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe türkmeniň "baş" kitaby diýlip, ençeme dillere terjime edilen "Ruhnamanyň" birnäçe adamlar tarapyndan dürli çeşmeden salgysy görkezilmezden toplanan, munuňam üstesine, birnäçe şahyrlaryň goşgularyna eýe çykylyp, Nyýazowyň adyna berlen tema bütewiligi bolmadyk kitapdygyny aýdýanlar az däl. 2001-nji ýylyň oktýabrynda, çykan badyna, okalmazdan "Halk maslahatynyň" karary bilen "Mukaddes" diýlip yglan edilen bu kitabyň ömri dogrusyny aýdanyňda, on ýyla hem ýetmedi. Dogry, häzirlikçe Nyýazowyň wepaly şägirtleriniň tagallasy bilen "Ruhnama" mekdep programmasyndan aýrylanok.

"Ruhnamanyň" orta mekdebiň gutardyş ekzamenlerinden aýrylmagy döwlet emeldarlarynyňam bu kitaba bolan hormatynyň derejesini kesgitleýän bolsa gerek, bu gün bolmasa-da, ertir onuň okuw programmasyndan aýryljakdygyna köpler şübhelenmeýär. Asla şu ýyl ýokary okuw jaýyna girmek üçin bir ekzamen hökmünde bellenen "Ruhnamanyň" ýüz gowrak soragynyň tas ýarysyna golaýynyň "Beýik Galkynyş" hem häzirki döwlet baştutanynyň terjimehaly bilen baglanyşyklydygyny hut şu sapakdan ýokary okuw jaýynda ekzamen alan mugallymlaryň birnäçesi gürrüň berdi.

Buşlukmy ýa şum habar?
“Türkmen dili” gazetiniň şu ýylyň 4-nji maýyndaky sanyndan



Türkmen metbugatynda žurnalistler türkmeniň "altynjy eýýamynyň" gelendigini öňe sürüp, "beýik Arkadagyň" bu eýýama laýyk gelýän "baş ýol Kitabyny" (kitap uly harplar bilen) ýazyp ýörendigini aýdýarlar. Hususan-da "Türkmen dili" gazetiniň şu ýylyň 4-nji maýyndaky sanynda Täçgeldi Gutlyýewiň "Adam ýüzi mübärek" atly publisistik makalasynda "ruhy ýolbaşçysy bolan beýik eýýamyň" öz "Türkmennama" ýa "Adamnama" diýen ruhy kitabynyň bolmalydygy barada pikir öňe sürülýär.

Bu maglumatyň "Ruhnamanyň" mysalynda ýaranjaňlaryň parh goýmazdan, bähbitlerine laýyk gelen halatynda islendik pursat "Beýik döredijini" täzeden döretmäge meýillidiklerini subut edýän bolsa gerek. Sebäbi diktaturadan uly peýda görýän topar, iň bolmanda ýaranjaňlar goşuny emele gelýär. Hökümdarlar döwlet işinden näçe daşlaşyp, "döredijilik" bilen köp meşgullansa, diktaturadan, halkyň mertebesiniň depgilenmeginden peýda görýänler üçin şonça-da bähbitli. Çünki döredijilikden daş "beýik döredijiniň" ýaranjaň döredijilik toparynyň hyzmatyndan peýdalanjagy görnüp duran hakykat. Şeýdibem, ýaranjaňlar topary bilen diktatoryň biri-birine halkdan gizlin bähbitli hyzmatdaşlygy emele gelýär. Şonuň üçin diktaturanyň höküm sürýän ýerinde döwlet ýolbaşçysy "beýik ýazyjy-da, şahyr-da, alym-da" bolýar. Bu hiç kim üçin täzelik däl.

Ýöne häzire çenli gynansagam, "beýik döredijiniň" eseridigine seretmezden, kämil bolmadyk döredijiligi halkyň kalbynda ýaşatmagyň syryny hiç kim açyp bilenok. Ine, şu hakykat bolsa ýaranjaň döredijileriň orta çykarýan "Beýik döredijiligini" püçege çykarýar. Sebäbi halkyň hakydasy, wagtyň synagy islendik hökümdardanam ýüz görmän, adalatyň terezisi bolýar, şuňa-da şükür.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG