Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident saýlawlary: adalatly geçermi ýa-da ýene-de gurjak oýnuny ýada salarmy?


Möwlamow: "Dogrusy, ýaş nesil saýlawlaryň nämedigine onçakly düşünibem baranok. Saparmyrat Nyýazow ömürlik prezident bolansoň, saýlaw diýlen zat, dogrusy, unudyldy".
Möwlamow: "Dogrusy, ýaş nesil saýlawlaryň nämedigine onçakly düşünibem baranok. Saparmyrat Nyýazow ömürlik prezident bolansoň, saýlaw diýlen zat, dogrusy, unudyldy".

Geljek ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda prezident saýlawlary geçirilmeli. Bu barada resmi taýdan yglan edildi. Hatda saýlawlar geçiriljek mahaly oňa halkara gözegçileri-de çagyryldy.


Prezident saýlawlary güni halkara gözegçileri Türkmenistana gelermikä? Bu barada umuman, prezident saýlawlary barada ýönekeý raýatlaryň pikiri nähili? 65 ýaşly, aşgabatly pensioner şeýle pikir ýöredýär:

—Saýlawlar güni halkara gözegçileriniň Türkmenistana geleni bilen zat üýtgemez. Ýöne türkmen häkimiýetleri halkara gözegçilerini çagyrmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň gözüne çöp atarys öýdüp, pikir edýärler. Hökümete dahylly bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli partiýalaryň, garaşsyz metbugatyň, söz azatlygynyň ýok ýerinde, adam hukuklarynyň depelenýän ýurdunda saýlawlar gyzjagazlaryň gurjak oýnuny ýatladar. Saparmyrat Nyýazow özüni ömürlik prezident saýladypdy. Häzirem şeýtmek gerek. Öňi-soňy kimiň saýlanjagy häzirden belli. Munuň üçin çykdajy baryny çykarmak, ilaty kösemek, iň esasy-da, dünýä derejesinde gözboýagçylyk etmek nämä gerek?—diýip, pensioner sözüni jemledi.

Aslynda, ilatyň saýlawlara garaýşy nähili? Dogrusy, ýaş nesil saýlawlaryň nämedigine onçakly düşünibem baranok. Saparmyrat Nyýazow ömürlik prezident bolansoň, saýlaw diýlen zat, dogrusy, unudyldy. Onsoň, bir wäşiniň: “Seň saýlaw diýýäniň iýilýän zatmy ýa-da geýilýän zat?” diýip soranyny ýatlasyň gelip dur.

—Men altmyş ýaşap barýan, özümem mugallym. Çynymy aýdýan, SSSR döwründe ýekeje sapar saýlawdan geçip gördüm. Gögele döwrümdi. Hökman saýlawdan geçäýmelidir, ýogsa jogapkärçilige çekerler öýdüp, gorkujygyma geçdim—diýip, paýtagtly bir mugallym gürrüň berýär.—Häzir saýlawdan geç-geçme, nyrhyňy soraýan ýok. Biz-ä deputatymyzyň kimdiginem bilemzok. Deputatlaryň telewideniýede, radioda, metbugatda çykyş edip, halkyň agysyngy aglaýanyny hem göremzok. Ýurtdaky ýönekeý ýolbaşçy wezipelere-de bir adamyň karary bilen bellenilýän ýurtda deputatlaryňam saýlanman, bellenýändigi köre hasa.

Eýsem, saýlawlar türkmenistanlylar üçin bütinleý ýat zatmy? Belki, meniň bilen gürrüňdeş bolan adamlar häzirki höküm sürýän gazaply düzgünden ýadap, ýurtda bäri-bärde demokratik özgerişleriň geçirilmejegine pessimistik nazaryýetden garaýandyrlar?

Öňki SSSR-iň iň soňky prezidenti Mihail Gorbaçýowyň “üýtgedip gurmak” döwründe halk birneme silkinipdi. Şol döwürde saýlawlar alternatiwa esasynda geçirilipdi. Umuman, ilatyň saýlawlara bolan garaýşy üýtgäpdi, olaryň özleriniň göwni ýeten dalaşgäri saýlap biljeklerine ynamlary artypdy.

Şol döwürden bir mysal: tanyş alymlaryň biri doglan obasyndan özüni deputat saýlatmakçy bolýar. Şu maksat bilen ol obasynda saýlawçylar bilen duşuşyk geçirýär. Saýlaw uçastogyndan iki adam deputatlyga dalaşgär görkezilipdi. Biri obanyň buhgalteri, beýlekisi şol obada dünýä inen alym. Saýlawçylar bilen bolan şol duşuşykda obanyň medeniýet baradaky orunbasary: “Seniň şu obada doglanyň çynyň bolsa, heý, obamyzyň toýuna-ýasyna gatnaşdyňmy? Adamlaryň halyndan habar aldyňmy” diýip, alyma sowal berýär. Alym agzyna suw alan ýaly bolup durýar. Medeniýet baradaky orunbasar bolsa: “Bize-hä doglan obasy bilen gatnaşmaýan deputat gerek däl. Öz buhgalterimizi saýlajak!” diýýär.

Paltasy daşa degen alym şundan soň şu saýlaw uçastogyna degişli harby bölümden haraý gözläp, bir topar kitapdyr žurnaly maşyna ýükläp, ýanyna-da özi ýaly üç-dört sany kärdeşini alyp, harby bölüme barýar.

Olary harby bölümiň komandiri garşylaýar. Myhmanlaryň näme maksat bilen gelenini eşiden komandir şeýle diýýär:

—Dek düýn deputatlyga dalaşgär buhgalter geldi. Ol bize iki ýaşşik arak bilen bir goýun getirip gitdi. Biz şoňa ses bermekçi. Getiren kitaplaryňyzy iýibem bolanok, içibem. Olary yzyna äkidäýiň.

Mihail Gorbaçýowyň “Üýtgedip gurmak” döwründe saýlawlar bilen baglanyşykly, şunuň ýaly gülkünç wakalaram bolupdy. Ýöne häzirki döwrüň saýlawlarynyň gülkünçligi öňki-soňkynyň çaky däl. Heniz prezidentlige dalaşgärler hasaba alynmanka ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde “Ýurdumyz prezident saýlawlaryna barýar” diýen äheňdäki gowur başlandy. Makaladyr çykyşlarda-da ýurduň häzirki ýolbaşçysynyň mynasyp prezidentdigi suwjuk sözler arkaly beýan edilýär. Ýazgylaryň düýp manysy — şu wagtky ýurt baştutany geljekki prezident saýlawlarynda-da gürrüňsiz ýeňäýmeli.

Saýlawlary geçirmek baradaky kanun göz-görtele bozulyp dur. Sebäbi prezidentlige dalaşgär görkezilýänleriň propagandasy diňe olar hasaba alnan gününiň ertesi başlanmaly. Kanun boýunça şeýle.

Ýöne ýurtda kanun hökmürowanlyk etmeýär. Bir adam hökmürowan. Onsoň, kanunyň depelenmegi hiç zat bolup galýar. Munuň özi öňde-de bir hökümdaryň: “Kanun — meniň özüm!” diýşi ýaly bir zat bolýar.

Mundan üç-dört ýyl ozal belli rus žurnalisti Wýaçeslaw Kostikow: “Adam hukuklary biziň demokratiýamyzyň gowşak ýeri” diýip, zeýrenip ýazypdy. Orsýetiňki ýene ýagşy. Garaz, ol ýerde demokratiýa az hem bolsa bar. Türkmenistanda şeýle sözleri ýazmag-a beýlede dursun, şeýle sözleri iki-üç adamynyň başy jemlenen ýerde diliňden sypdyrmagam hatarly. “Halkymyz ideal jemgyýetde ýaşaýar” diýip, öz-özümizi aldaýarys.

—Ýurtda daşy jäjek, içi möjek syýasat alnyp barylýar. Näsag jemgyýet sagdyn jemgyýet edilip görkeziljek bolunýar. Şeýdip, dünýä jemgyýetçiliginiň aňyny bulaşdyrmak isleýärler. Ýöne dünýä jemgyýetçiligini aldap bolmaýar. Gaýtam, kimdiklerini tanadyp, ýurduň abraýyna şek ýetirýärler, özlerini, şonuň bilen birlikde türkmen halkyny-da gepe goýýarlar — diýip, ozal hökümet edaralarynda işlän bir ýaşuly öz pikirini daşyna çykarýar.

Demokratiýanyň, hak-hukugyň bazarda kilolap satylýan haryt däldigi düşnükli. Ony özüň gazanmaly.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG