Sepleriň elýeterliligi

Eýran “suw oýnuny” dine hormatsyzlyk hasaplaýar


Eýran häkimiýetleri häzir ýaşlaryň arasynda meşhur bolup barýan sapançadan birek-birege suw sepip oýnamak oýnuna gatnaşanlaryň garşysyna repressiýa çärelerine başladylar.

Birnäçe erkegiň we aýalyň tussag edilendigi habar berilýär. Olar geçen anna güni Tährandaky seýilgähde saklandy.

Eýranda dürli jynsdan bolan adamlaryň maşgala çäginden daşarda gürleşmegi gadagandyr.

Yslamçylar jemgyýetçilik ýerlerinde gurnalýan “suw oýnuny” dini kadalara hormatsyzlyk hasaplaýarlar. Emma sapançadan suw çüwdürmek dürli etraplardaky eýranly ýaşlaryň arasynda gaty çalt ýörgünlilige eýe bolýar.
XS
SM
MD
LG