Sepleriň elýeterliligi

Kubanyň goranmak ministri aradan çykdy


Kubanyň goranmak ministri, köp ýyllyp prezident Raul Kastronyň kömekçisi bolan Kasas Reguerio şenbe güni 75 ýaşynda ýüreginden tutup öldi.

Kasas häzirki Kubanyň lideriniň agasy Fidel Kastrony häkimiýet başyna getiren 1959-njy ýyldaky rewolýusiýa gatnaşyjydyr. Ol 49 ýyllap Raul Kastronyň sag eli bolupdy.

2008-nji ýylda Raul agasynyň wezipesini eýelänsoň, Kasas Reguerio goranmak ministri bolupdy.

Duşenbe güni Kubada milli matam güni diýlip, yglan edildi.
XS
SM
MD
LG