Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda Guantanamonyň öňki tussagy öldürildi


Owganystanda Guantanamo harby türmesiniň öňki tussagy öldürildi. 2007-nji ýylda azatlyga çykan Sabar Lal Melme watanyna gaýdyp gelip, Owganystanda “Al-Kaýdanyň” baş wekili bolupdy.

Melme ýurduň gündogaryndaky Kunar welaýatynda hüjümleri gurnady we ýurduň beýleki etraplarynda söweşijileriň operasiýalaryny maliýeleşdirdi.

Anna güni agşam amerikan we owgan esgerleri ýörite operasiýa gurnap, Melmäniň Jelalabatdaky öýüne çozdular. Ol atylyp öldürildi, ýene üç söweşiji ýesir alyndy.
XS
SM
MD
LG