Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ terroristik howp barada duýduryş yglan etdi


ABŞ terroristik howp barada umumymilli duýduryş yglan etdi. Howpuň ozaly bilen “Al-Kaýdadan” çykýandygyny Federal derňew býurosy we Içerki howpsuzlyk ministrligi habar berdi.

Terroristleriň uly bolmadyk uçary kireýine alyp, içini partlaýjy maddalardan doldurmagynyň mümkindigi çaklanýar.

Şol bir wagtda-da 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkdaky Dünýä söwda merkezine edilen hüjümiň 10 ýyllygyna gabatlap, teraktyň amala aşyrylmak mümkinçiligi barasynda anyk maglumatyň ýokdugy, ýöne howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendiriljekdigi bellenýär.
XS
SM
MD
LG