Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda sud ýedi adama höküm çykardy


Täjigistanda sud 1998-nji ýyldaky ýaragly gozgalaňa gatnaşyjylaryň ýedisine höküm çykardy. Olaryň hersine 16 ýyl türme tussaglygy berlip, amnistiýa baradaky kanun esasynda iki ýylynyň kemeldilendigini “Interfaks” agentligi habar berýär.

Türme tussaglygy berlenleriň aklawçylary suduň hökümini şikaýat etmekçi.

Agzalýan gozgalaň täjik goşunynyň polkownigi Mahmut Hudaýberdiýew tarapyndan gurnalypdy. Onuň otrýady 1998-nji ýylyň noýabrynda Özbegistandan Täjigistana giripdi. Hüjüm serpikdirilipdi, onuň guramaçysy gaçypdy. Polkownigiň tarapdarlarynyň bir bölegi atylyp öldürilipdi, galanlary ele salnypdy.
XS
SM
MD
LG